Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Protestçiler Dinki ýatlaýarlar


Stambulyň merkezinden toplanan müňlerçe protestçi ýedi ýyl ozal öldürilen türk-ermeni žurnalisti babatda adalatyň dikeldilmegini talap etdi.

Protestçiler ýekşenbe güni Hrant Dinkiň ölen gününiň ýyl dönümini bellemek üçin Taksim meýdançasyna toplandylar. Bu ýere Türkiýäniň pitnä garşy polisiýasy hem çykaryldy.

Demonstrasiýaçylar “Biziň hemmämiz Hrant Dink, biziň hemmämiz ermeni, döwlet bu jenaýat üçin jogapkär” diýip gygyryşdylar.

52 ýaşyndaky Dink Türkiýäniň çaklaň ermeni jemgyýetiniň öňdebaryjy agzasy bolup, aşa milletçi bir ýetginjek tarapyndan, öz «Agos» gazetiniň ofisiniň golaýynda, gündiziň güni atylyp öldürilipdi.

Dink Birinji Jahan Urşy mahalynda ermenileriň köpçülikleýin öldürilmegini gyrgyn diýip atlandyrandygy üçin köp türk milletçisini gazaba mündüripdi.

Dinkiň goldawçylary döwleti bassyr-ýussurda aýyplaýarlar we hökümeti Dinkiň öldürilmegi bilen ilteşikli diýilýän resmileri goramakda günäleýärler.
XS
SM
MD
LG