Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saryja suwdan basylýar


"Saryja" obasy
"Saryja" obasy
“Saryja” maldarçylyk daýhan birleşigi Serhedabat etrabynyň Murgap derýasynyň kenarynda ýerleşýär. Serhedabadyň beýleki obalarynda suwuň ýetmezçiligi köseýän bolsa, bu obada adamlary suwuň aşa bollugy alada goýýar.

Sebäbi “Saryjanyň” ýaşaýjylaryna eýýäm ençeme wagtdan bäri häzirki oturymly ýerlerinden derýanyň ugry bilen ýokarlygyna göçmeli boljakdyklary aýdylyp gelinýär. Çünki Murgap derýasynyň suwunyň derejesiniň ýokary galmagy bilen her ýyl diýen ýaly obany suw alar diýen howp saklanyp galýar.

“Ine göçmeli, şindi göçmeli” diýip ýaşamaklyk bolsa obalylaryň durmuşyna uly täsir ýetirýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir saryjalylar özleriniň gurluşyk planlaryny amala aşyryp, isleglerine görä giňiş jaýlary gurup bilmeýändiklerini aýdýarlar.


“Göçüp, nirä gideris?”

Şol bir wagtyň özünde-de, obany sil alar ýa-da oba göçer aladasyna garamazdan, käbir gurluşyklaryň dowam edýändigini hem görse bolýar. Ol gurluşygyň biriniň eýesi Ýazberdi aga Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Eýýäm näçe wagtdan bäri bize “ine göçmeli” diýip gelýärler, ýöne men ogullarymy öýlendirdim, indi bolsa häzirki ýaşaýan üç otagly jaýymyz bize darlyk edýär. Şonuň üçin mejbury täze jaý salmaly bolýarys”.

Saryja obasynyň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlarynyň aglabasy “Göçmeli bolsa, göçsegem bolar” diýen pikiri goldaýarlar, hatda obadan meýletin göçenler hem bar. Emma göçmedikleriň aglabasy hökümet tarapyndan goldaw bolmansoň, “göçüp, nirä gideris?” diýen alada bilen ýaşaýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, suwuň ýyldan-ýyla ýokary galmagy derýa ýakyn ýerlerde ýaşaýan adamlaryň durmuşyna hem erbet täsirini ýetirip başlapdyr. Sebäbi derýanyň suwunyň ýokary galmagy, käbir ýerlerde ýokary galyp, soňra-da ýene peselmegi obanyň içinde zeý suwlaryň döremegine sebäp bolupdyr.

Bu zeý suwlarynyň bolsa ýaşaýş jaýlaryna eýýäm ýaramaz täsir ýetirip başlandygyny görse bolýar. Obada şorlap, suwagy opurylyşyp ýatan jaýlar bilen bir hatarda, ýumrulmaga juda ýakyn jaýlara hem duş gelmek mümkin.

Problemalar

Mundan 10-20 ýyl ozal ekin ekip, gowy hasyl alyp bolýan melleklerde-de häzirki gün diňe zeý suwlarynyň dolup ýatandygyny ýa bolmasa, gar ýagan ýaly şorlap, duz örtülen mellekleri görse bolýar. Onsoň indi obada gök önüm hem bitmeyär.

Oba getirilýän gök önümleriň köpüsini adamlar goňşy etrapdyr-obalardan getirýärler. Gök getirilýän obalaryň iň ýakyny bolsa Tagtabazar etrabynyň obalarydyr, Saryja obasy bilen olaryň arasy bolsa azyndan 60 kilometre barabar.

Saryja obasynyň problemalaryndan hökümetem bihabar däl. Ýylda göterilýän damba bilen bir hatarda obanyň ýokarsynda gurlan uly täze mekdep we gyrasynda gurulýan çagalar bagy soňky döwürlerde hökümet tarapyndan alnyp barylýan işlerden diňe käbirleri.

Emma obanyň iň uly problemasy, ýagny jaýlary sil almak howpy göz öňünde tutulyp, ýaşaýjylary uzagrakdan ýer bilen üpjün etmek barada welin, resmi alada o diýen göze ilmeýär. Oba ýaşaýjylary bir tarapdan obanyň gün saýyn erbetleşip barýan ekologik ýagdaýy, beýleki tarapdan bolsa, sil almak howpunyň aladasy bilen günlerini geçirýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de “göçmeli, gitmeli” diýlen gürrüňlere garamazdan, göçmek isleýän adamlara hökümet tarapyndan häzirlikçe hiç hili goldaw berilmeýär.
XS
SM
MD
LG