Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: “Türkmenistanda ýagdaý üýtgemedi”


 Stew Swerdlow, HRW guramasynyň eksperti
Stew Swerdlow, HRW guramasynyň eksperti
Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy dnýä ýüzünde adam hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Bu hasabatda “ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleri tarapyndan ýol berilýän çynlakaý hukuk bozulmalary bilen bagly yzygiderli we açyk alada bildirip, 2014-nji ýylda adam hukuklarynyň berjaý edilmegini gowulandyrmaga çagyrmaly diýilýär.

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu hasabatyň Türkmenistan bölümi barada HRW guramasynyň Bişkekdäki eksperti Stiw Swerdlow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Siziň täze çap eden hasabatyňyzda Türkmenistanyň dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň biri bolup galýandygy aýdylýar. Emma geçen ýyl Türkmenistanda käbir ilerlemeleriň bolandygy, žurnalistleriň ýa pikirini açyk aýdýan adamlaryň ozalkylar ýaly ýanalmandygy aýdylýar. Siz ýagdaýyň üýtgemändigi baradaky pikiriňizi düşündirip bilmezmisiňiz?

Stiw Swerdlow: Türkmen hökümetiniň geçen ýylda dürli kanunlary kabul etmek bilen bagly gören jemgyýetçilik gatnaşyklary tagallalaryna we kampaniýalaryna garamazdan, Türkmenistan hakykatda garaşsyz derňew, barlag geçirmek üçin ýapyk, metbugat we din azatlyklary aýylganç derejede çäklendirilen.

Boris Şyhmyradowyň we başga-da köp adamyň, hökümetiň aýtmagyna görä, şol wagt Nyýazowyň häkimiýetden agdarylmak synanyşygyna ilteşikli bilnip, türmä basylaly bäri on ýyl we ondanam gowrak wagt geçdi. Emma biz şol syýasy tussaglaryň köpüsi barada hiç bir habar eşitmedik. Olaryň bir toparynyň hakykatda diridigi ýa ölendigi hem aýdyň däl.

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligine, hatda şol syýasy tussaglaryň köpüsiniň garyndaşlaryna hem olar bilen görüşmäge, saglyk ýagdaýlaryny bilmäge, nirede saklanýandyklaryny görmäge rugsat bermeýär, olar hakda maglumat bermekden ýüz öwürýär.

Biz 2013-nji ýylda prezident G.Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň has depginli ösdürilýändigini gördük. Metbugat azatlygy, köppartiýaly syýasy sistema barada aýdylanda bolsa, hakykatda hiç hili ilerleme bolmady. Muňa derek biz ilatyň görlüp-eşidilmedik izolýasiýadan, düzüwli bilim almak, saglygyna seretdirmek mümkinçilikleriniň ýoklugyndan ejir çekýändigini gördük. Ol ýerde bir topar problema bar.

Biz türkmen hökümetiniň jemgyýetçilik gatnaşyklary tagallalary özgerdi, emma gynansak-da, iş ýüzünde emele ýagdaý üýtgemedi diýip pikir edýäris. Onsoň adamlaryň täze syýasy tussaglaryň ýa täze tussag edilen žurnalistleriň ýokdugyny progres hökmünde görkezjek bolmagy gaýgyly bir fakt. Ol ýerde Türkmenistanyň tutuş ilaty babatda adam hukuklarynyň iň bir esasy, düýpli pudaklarynda ilerleme bolmady.

Azatlyk Radiosy: Siziň guramaňyz ýa özüňiz, ýa başga bir adam hukuklary eksperti geçen ýylda Türkmenistana sapar etmek mümkinçiligine eýe boldumy?

Stiw Swerdlow: Elbetde, bu hemişe Hýuman Raýts Wotçyň arzuwy, biz dünýä ýüzünde köp hökümet, şol sanda adam hukuklary ýaramaz hökümetler bilen hem işleşýäris. Türkmenistan bolsa ýapyklykda aýratyn saýlanýar we Hýuman Raýts Wotç oňa baryp bilmeýär. Ýogsam biz Türkmenistana sapar etmek üçin gaýta-gaýta wiza sorap ýüz tutýarys. Dünýäde ne biz, ne-de hakykatda garaşsyz bolan başga bir adam hukuklary guramasy Türkmenistana sapar edip bilýär. Ýa-da bolmasa, bu meselelr barada ýazmak isleýän žurnalistlerem Türkmenistana ýyllar boýy, hakykatda on ýyldan gowrak wagt bäri sapar edip bilmeýär. Ýogsa olaram gaýta-gaýta wiza sorap ýüz tutýarlar.

Türkmen hökümetiniň ýagdaýy gowulandyrjak diýýäni çyn bolsa, hakykatdanam plýurilizme ýol açmak isleýän bolsa, onda gelýän ýyllarda edip biljek iň bir ýönekeý zady - BMG-niň adam hukuklary meseleleri boýunça garaşsyz ekspertleriniň ýurda gelmegine we hökümetiň boldy diýýän özgerişlerini görmäge, derňemäge rugsat bermeli. Başgaça ýagdaýda, olar diňe kagyz ýüzündäki ritoirika bolup galar.

Azatlyk Radiosy: Hýuman Raýts Wotç guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory täze hasabat bilen bagly beýanatynda bu sebitdäki hukuk bozulmalarynyň uzak möhletli durnuklylyga howpdugyny ýatlatdy we Merkezi Aziýanyň partnýorlarynyň bu sebitdäki ösüşiň ähli ugurlaryna, şol sanda adam hukuklary meselesine hem öz ünslerini gönükdirmelidigini aýtdy. Emma bu sebitiň döwletleri halkara jemygetçiliginiň çagyryşlaryna kän baş galdyrmaýar. Şeýle ýaýdaýda partnýorlar ýa-da halkara jemygetçiligi näme edip biler?

Stiw Swerdlow: Meniň pikirimçe, olar kän zat edip biler. Bu sözler, jemgyýetçilik beýanatlary bilen başlanýar. Şol beýanatlaryň ähmiýetiniň peseldilmezligi möhüm bolup durýar. Haçanda Ketrin Aşton ýa-da BMG-niň ýokary derejeli resmisi, ýa-da bolmasa döwlet sekretary Jon Kerri Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmalarynyň aýratyn alnan bir meselesine ünsi çekse, hökümeti bu ýagdaýy düzetmek üçin çäre görmäge çagyrsa, bu, elbetde, örän möhüm.

Emma, gynansak-da, Merkezi Aziýa, hususan-da Türkmenistana gezek gelende Döwlet departamenti hem, ÝB hem aýratyn alnan problemalara göz ýumýarlar, kähalatda bolsa ol ýerde adam hukuklary boýunça bolmadyk progres, öňegidişlik barada gürrüň edýärler. Olaryň gelýän ýyllarda edip biljek zady Türkmenistan babatda syýasy tussaglaryň azat edilmeginiň zerurlygy, BMG-niň guramalarynyň Türkmenistana gelmeginiň we öz işlerini edip bilmeginiň zerurlygy babatda örän anyk beýanatlary etmek bolup durýar.

XS
SM
MD
LG