Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Lenin mydam aramyzda"

Leniniň aýrylan heýkeli. Türkmenabat. 2012 ý.
Leniniň aýrylan heýkeli. Türkmenabat. 2012 ý.
Wladimir Lenin Aşgabada gelip görmedik hem bolsa, geçen asyryň 80-90-njy ýyllaryna çenli bu şäherde ony ýatladýan heýkelleriň, onuň ady dakylan köçeleriň we edara-kärhanalaryň ençemesi bardy. Emma garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda Leniniň ady dakylan edaradyr, obýektleriň ady bir-birden çalşyldy.

Ozal Leniniň adyny göteren obýektleriň käbirleriniň täze ady S.Nyýazow diýip üýtgedilse, käbirlerine S.Türkmenbaşy diýlen at dakyldy. Mysal üçin, öňki Lenin prospekti S.Türkmenbaşy şaýoly diýlip atlandyryldy. Paýtagtyň Lenin adyndaky aýna zawodynyň hem ozalky ady öçürilip, oňa S.Nyýazowyň ady dakyldy.

Garagum kanaly öň Leniniň adyny göteren bolsa, indi bu kanala Garagum derýasy diýilýär.

Aşgabat: Lenin hakydasy

Leninden ýurtda ýeke-täk galan ýadygärlik. Aşgabat
1/7 Leninden ýurtda ýeke-täk galan ýadygärlik. Aşgabat
Sowet soýuzy döwründe ýurduň köp sanly desgalary we köçedir-ýollary Bolşewikler rewolýusiýasynyň lideri hökmünde tanalýan Wladimir Ilýiç Leniniň ady bilen dakyldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, şol obýetkleriň ählisiniň diýen ýaly atlary üýrgedilip, olar S.Nyýazowyň ady bilen çalşyryldy.
Leniniň aýaly Nadežda Krupskaýanyň adyny göteren ýüpek fabrigi
2/7 Leniniň aýaly Nadežda Krupskaýanyň adyny göteren ýüpek fabrigi
Sowet soýuzy döwründe ýurduň köp sanly desgalary we köçedir-ýollary Bolşewikler rewolýusiýasynyň lideri hökmünde tanalýan Wladimir Ilýiç Leniniň ady bilen dakyldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, şol obýetkleriň ählisiniň diýen ýaly atlary üýrgedilip, olar S.Nyýazowyň ady bilen çalşyryldy.
Aşgabadyň Bagtyýarlyk etraby. Ozal bu etrap Lenin, soňundan hem Nyýazow diýlip atlandyrylypdy.
3/7 Aşgabadyň Bagtyýarlyk etraby. Ozal bu etrap Lenin, soňundan hem Nyýazow diýlip atlandyrylypdy.
Sowet soýuzy döwründe ýurduň köp sanly desgalary we köçedir-ýollary Bolşewikler rewolýusiýasynyň lideri hökmünde tanalýan Wladimir Ilýiç Leniniň ady bilen dakyldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, şol obýetkleriň ählisiniň diýen ýaly atlary üýrgedilip, olar S.Nyýazowyň ady bilen çalşyryldy.
Aşgabadyň aýna kombinaty. Ozal Lenin adyndakydy, indi S.Nyýazow adyna çalşyldy.
4/7 Aşgabadyň aýna kombinaty. Ozal Lenin adyndakydy, indi S.Nyýazow adyna çalşyldy.
Sowet soýuzy döwründe ýurduň köp sanly desgalary we köçedir-ýollary Bolşewikler rewolýusiýasynyň lideri hökmünde tanalýan Wladimir Ilýiç Leniniň ady bilen dakyldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, şol obýetkleriň ählisiniň diýen ýaly atlary üýrgedilip, olar S.Nyýazowyň ady bilen çalşyryldy.
Lenin adyndaky Garagum kanaly indi Garagum derýasy diýip atlandyrylýar
5/7 Lenin adyndaky Garagum kanaly indi Garagum derýasy diýip atlandyrylýar
Sowet soýuzy döwründe ýurduň köp sanly desgalary we köçedir-ýollary Bolşewikler rewolýusiýasynyň lideri hökmünde tanalýan Wladimir Ilýiç Leniniň ady bilen dakyldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, şol obýetkleriň ählisiniň diýen ýaly atlary üýrgedilip, olar S.Nyýazowyň ady bilen çalşyryldy.
S.Türkmenbaşy şaýoly öň Lenin prospektidi.
6/7 S.Türkmenbaşy şaýoly öň Lenin prospektidi.
Sowet soýuzy döwründe ýurduň köp sanly desgalary we köçedir-ýollary Bolşewikler rewolýusiýasynyň lideri hökmünde tanalýan Wladimir Ilýiç Leniniň ady bilen dakyldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, şol obýetkleriň ählisiniň diýen ýaly atlary üýrgedilip, olar S.Nyýazowyň ady bilen çalşyryldy.
Aşgabadyň wokzalynyň öňünde öň Leniniň ýadygärligi durdy
7/7 Aşgabadyň wokzalynyň öňünde öň Leniniň ýadygärligi durdy
Sowet soýuzy döwründe ýurduň köp sanly desgalary we köçedir-ýollary Bolşewikler rewolýusiýasynyň lideri hökmünde tanalýan Wladimir Ilýiç Leniniň ady bilen dakyldy. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, şol obýetkleriň ählisiniň diýen ýaly atlary üýrgedilip, olar S.Nyýazowyň ady bilen çalşyryldy.
Previous slide
Next slide

Bu ýagdaý diňe bir paýtagta mahsus bolman, eýsem tutuş ýurt boýunça Leniniň heýkelleri aýrylyp, onuň ady dakylan ýerleriň hem-de edaralaryň atlary üýtgedildi. Ýurt boýunça Lenini ýatladýan diňe bir zat galdy. Ol-da paýtagtyň öň “Lenin bagy” diýip atlandyrylýan seýilgähindäki Leniniň ýadygärligi.

Ýöne, muňa garamazdan, ady çalşylan şol ýerleriň aglabasy häzirem il içinde Lenin ady bilen tanalýar. Mysal üçin, paýtagtyň S.Türkmenbaşy şaýolyna il içinde häzirem Lenin köçesi diýilýär.

Çäklendirme

Emma şol bir wagtyň özünde-de häzirki ýaş nesilleriň arasynda Leniniň kimdigini bilýän çagalara we ýetginjeklere gaty seýrek duş gelinýär. Onuň özüne ýetesi sebäbi bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Lenin bilen bagly maglumatlaryň aglabasy okuw programmalaryndan aýrylyp, häzirki döwürde ol barada gysgajyk maglumat bilen çäklenilýär.

W.Leniniň diňe bir göz öňündäki ýadygärlikleri däl, onuň bilen bagly kitaphanalardaky eserleriň köpüsi hem ýok edildi. Türkmenistanyň milli kitaphanasynyň özüni Şagül diýip tanadan işgäriniň aýtmagyna görä, ýurt garaşsyzlygyny alansoň, Leniniň kitaplarynyň köpüsi makulatura tabşyrylypdyr.

“Sowet döwründe kitaphanamyzda onuň eserleriniň [hersinden] azyndan 10-15 sany ekzemplýary saklanýardy. Häzir onuň [öz kitaplary] we onuň bilen bagly kitaplar gaty azaldy ” diýip, Türkmenistanyň milli kitaphanasynyň işgäri Şagül gürrüň berýär.

Leniniň aradan çykan güni bolan 21-nji ýanwarda hem onuň bilen bagly resmi metbugatda hiç hili maglumat berilmedi. Umuman aýdylanda, garaşsyzlyk ýyllarynda Leniniň ady Türkmenistanyň resmi metbugatynda agzalmaýar.

"Miras"

Özüni Şamyrat diýip tanadan aşgabatly medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň taryhynda uly täsir galdyran bu şähsyýetiň ady halkyň hakydasyndan öçüriljek bolunsa-da, onuň galdyran syýasy mirasynyň täsirine ýurtda henizem duş gelmek mümkin.

“Leniniň ady ýitirim edilen-de bolsa, onuň işi biziň ýurdumyzda dowam edýär. Şahsyýet kulty, diktatura, repressiýalar häzirem saklanyp gelýär. Sowet döwründe terbiýelenen ýolbaşçylarymyzyň aňynda Lenin entägem diri” diýip, Şamyrat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

21-nji ýanwarda W.Leniniň ölenine 90 ýyl boldy. Şu döwrüň içinde dünýäniň gury ýeriniň 1/6 (altydan bir) bölegini tutan öňki SSSR-iň territoriýasynda ýerleşen Türkmenistanda birnäçe nesil çalyşdy. Emma Leniniň galdyran mirasy welin, ýurda henizem belli bir derejede öz täsirini ýetirýär.
XS
SM
MD
LG