Gazagystanyň oppozision lideri Altynbek Sarsenbaiulynyň öldürilmegini gurnamakda aýyplanan adam we onuň iki ýoldaşy muny Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň öňki giýewi Rahat Alyýewiň tabşyrandygyny aýtdylar.
Duşenbe güni işe gaýtadan garalan wagty Rustam Ibragimow “häzir bu hakykaty aýtmagynyň” sebäbiniň jezanyň başga bir adamyň çekmegine özüniň “utanmagy” bilen baglydygyny aýtdy. Ibragimow häzir ömürlik türme tussaglygynda saklanýar.
Gazagystanyň parlamentiniň apparatynyň öňki ýolbaşçysy Eržan Otembaew 2006-njy ýylda adam öldürmekde günäli, diýilip yglan edilipdi we 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
Otembaýewiň işine şu aýyň başynda gaýtadan garalyp başlanypdy. Dekabr aýynda Gazagystanyň häkimiýetleri Rahat Aliýewiň günälidigini görkezýän käbir subutnamalaryň tapylandygyny yglan edipdi. Aliew 2007-nji ýyldan bäri Ýewropada ýaşaýar.