Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Täjigistanda, Gazagystanda media basyşy ýazgardy


ÝHHG Täjigistanyň sudunyň zurnalistiň tajik intelligensiýasyna töhmet atmagy sebäpli jerime tölemegini talap edýän kararyny tankyt etdi. Çarşenbe güni ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç “demokratik jemgyýetde maliýe jerime salynmazdan köpçülikleýin pikir alyşylmagyna ýol berilmelidigini belledi”.

Sişenbe güni Duşenbe şäheriniň sudy “Aziýa plus” websaýtynyň baş redaktorynyň orunbasary Olga Tutubalinanyň üç adama 6 müň amerikan dollar möçberde jerime tölemegi barada höküm çykardy. Sud Tutubalinanyň “Intelligent bolmadyk intelligensiýa barada” atly makalasynyň ady agzalmadyk üç adama zyýan ýetirendigini aýtdy.

Miýatowiç Gazagystanyň “Prawdiwaýa gazeta” atly neşriniň ýapylmagyna hem aladalanma bildirdi. Neşir etmegiň wagtynyň nätakyklygy ýaly ujypsyz kemçilikleriň media azatlygyny we informasiýa elýeterliligini çäklendirmeginiň örän aladalydygyny Miýatowiç belledi.
XS
SM
MD
LG