Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Orsýeti diplomatiýa ýer goýmaga çagyrýar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa Krymyň anneksiýa edilmegi, ýagny zor bilen birleşdirilmegi «mümkin bolan diplomatiýa hiç bir orun galdyrmaz» diýdi.

Lawrow biraz öň Ukrainadaky krizis «açyk geosyýasy sebäpler zerarly emeli ýagdaýda» döredildi diýdi. Kerriniň Lawrow bilen soňky eden telefon gürrüňi orsýetçi milisiýa Krymdaky hereketlerini ýaýbaňlandyrandan soňra bolup geçdi.

«Roýtersiň» habar topary şenbe güni ýüzlerçe rus esgeriniň we 50 çemesi goşun ýük maşynynyň, bronly harby tehnikanyň we «Tiz kömek» ulaglarynyň ugratmagynda, gündiziň günortany Simferopoluň demirgazygyndaky harby baza tarap barýandygyny surata düşürdi.
XS
SM
MD
LG