Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýa: Özbek prezidentiniň gyzy derňelýär


Şweýsariýaly prokurorlar Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowa babatynda derňewiň geçirilýändigini aýtdylar. Kerimowa bikanun pullary ýuwmakda güman edilýär.

Prokuratura çarşenbe günki beýannamasynda jenaýat derňewleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny we 2013-nji ýylyň güýzüni öz içine alýandygyny hem Kerimowa babatyndaky korrupsiýa bilen bagly derňewleriň Şwesiýada we Fransiýada hem geçirilýändigini aýtdy.

Şweýsariýa konfederasiýasynyň Jemgyýetçilik ministrliginiň metbugat-wekili Jeannette Balmer AÝ/AR bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

“Şweýsariýa konfederasiýasynyň Jemgyýetçilik ministrligi ençeme ýurtdan, şol sanda öz derňewlerini gozgan Şwesiýadan hem Fransiýadan ýuridiki hyzmatdaşlygy sorady”, diýip Jeannette Balmer aýtdy.

Resmi beýannama görä, derňewler “Özbegistanyň telekommunikasiýalar bazaryna degişli güman edilýän bikanun işler” bilen baglanyşdyrylýar. Şweýsariýanyň häkimiýetleriniň şübhe astyna düşen özbek hasaplaryndan 660 million ýewrony tussag edendigi aýdylýar. Şeýle-de derňewçiler geçen ýylyň awgust aýynda Kerimowanyň Ženewadaky öýünde barlag geçiripdiler.

Kerimowa geçen ýylyň iýul aýyna çenli Özbegistanyň BMG-däki ilçisi bolup, diplomatik eldegirilmezlik statusyndan peýdalanypdy. Özbegistanda onuň birnäçe media serişdesi ýatyryldy we “Terra Group” media kompaniýasy parahorlukda aýyplanyp, derňew astyna alyndy.
XS
SM
MD
LG