Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda saýlaw edarasyna hüjüm edildi


Jeňçiler Kabulda Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň edarasyna hüjüm etdiler.

Içeri işler ministrligi 3 ýa-da 4 sany ýaragly adamyň şenbe güni ýakyndaky bina girip, saýlaw komissiýasyny oka tutandyklaryny aýtdy.

Kabul polisiýasynyň başlygy general Muhammad Zahir wakanyň bolan ýerinde žurnalistlere şeýle diýdi:

«Terrorçylar topary saýlaw komissiýasynyň edarasyndan 800 metr çemesi uzakda ýerleşýän üç gatly jaýda ýerleşipdir, ol ýerde häzir söweş gidýär. Kabul polisiýasynyň Krizis halas ediş birikmesi operasiýa geçirýär, hudaý halasa, howp-hatary ýok ederis.»

AFP «Talybanyň» Twitter arkaly bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG