Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Eýran: Gepleşikler Nýu-Ýorkda geçiriler


Eýran Tähranyň ýadro programmasy barada halkara synçylary derejesindäki nobatdaky gepleşikler tapgyrynyň öňümizdäki aý Nýu-Ýork şäherinde geçiriljekdigini aýdýar.

Döwlet eýeçiligindäki “IRNA” habar gullugynyň ýurduň ýadro meseleleri boýunça araçysy Abbas Arakça salgylanyp berýän maglumatyna görä, gürrüňi edilýän gepleşikler maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasy barada geçirjek duşuşyklarynyň çäginde bolar.

Şu aýyň başynda Wenada Eýranyň we dünýäniň iri alty döwletiniň wekilleri gepleşikleriň üçünji tapgyryny geçiripdiler. Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmäge synanyşýandygy barada Günbataryň aladalaryny çözmek üçin Wenada geçirilen bu gepleşikler uzak-wagtlaýyn şertnama babatynda ylalaşmaklyga gönükdirilipdi.

Eýran özüniň ýadro we raketa programmasynyň çäginde girizilen halkara sanksiýalary aýyrmaga synanyşýan mahaly, Günbatar ýurtlary bolsa Tähranyň urany baýlaşdyrmak ýaly çärelerini durdurmagyny isleýär.
XS
SM
MD
LG