Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fomin: Kanundan ýeňillige garaşýaryn


Orsýet Federasiýasynyň pasporty
Orsýet Federasiýasynyň pasporty
21-nji martda Orsýetiň Döwlet Dumasy orsýet raýatlygyny bermek düzgünlerini aňsatlaşdyrmak boýunça kanunlaryň taslamasyna garamagy maslahatyň gün tertibine girizdi. Orsýet raýatlygyna ýeňilleşdirilen görnüşde eýe bolmagyň käbir talaplary hem bar, hususan-da orsýet pasportyna maýa goýujylaryň, telekeçileriň ýa Orsýetiň ýokary okuw jaýyny gutaran daşary ýurtlylaryň eýe bolup biljekdigi aýdyldy. Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew täze kanunyň ýurduň raýatlygyny almak sistemasyny “has adalatly” etjegini aýtdy. Azatlyk Raidosy bu kanun we onuň türkmenistanlylara ýetirip biljek täsiri barada "Türkmenistanyň Ors jemgyýetiniň" öňki başlygy Anatoliý Fomin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bu kanunyň kabul edilmegi Türkmenistandan Orsýete göçüp gidýänleriň täze akymyny döredip bilermi?

Anatoliý Fomin: Bu kanun Orsýete göçüp gaýtmak isleýän adamlar üçin kabul edilýär. Başga ýurtlarda ýaşaýan adamlar indi Orsýete erkin göçüp bilýärler, sebäbi kanun Sowet Soýuzynyň raýaty bolan we ors dilinde gepleýän islendik adamyň Orsýete baryp, üç aýdan soň Orsýetiň raýatlygyny almagyna ýol açýar. Mundan öň, Orsýete gelip ýaşamak üçin başda muňa hukuk berýän kartany almalydy, soňra bäş ýyllap ýaşanyňdan soň Orsýetiň raýatlygyny alyp bolýardy, indi bolsa bar zadyň ýeňilleşdiriljegi aýdyldy.

Bu zatlar öňden bäri Orsýete gaýtmak isleýän, emma raýatlyk almagyň kyndygy sebäpli bu islegini amala aşyryp bilmedik adamlaryň mümkinçiliklerini artdyrýar diýip düşünýärin. Emma Türkmenistan üçin bu kanun hiç hili howp döretmeýär, türkmenler Orsýete göçüp gelmezler. Esasan, Türkmenistanda galan orslaryň göçüp gaýtmagy mümkin, emma täze mümkinçiliklere garamazdan, Türkmenistandan gaýtmajak orslar hem köpdür diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin?

Anatoliý Fomin: Türkmenistanda ors garrylary köp. Meselem, meniň aýal doganym nädip Orsýete gelsin. Onuň hatda bilete-de puly ýok. Ol öz pensiýasyna zordan gün görýär. Ömrüni şol ýerde geçirmek isleýän orslar hem Türkmenistanda az däl. Orsýete göçüp gaýtmak kim üçin bähbitli? Ilkinji nobatda, bilim almak isleýän adamlara. Sebäbi bilim Orsýetde Türkmenistandan has ýokary. Şonuň üçin öz çagalarynyň Orsýetde bilim alyp, soň şu ýerde galyp işlemegini we ýaşamagyny isleýänler täze kanundan peýdalanyp bilerler. Bu kanun Sowet Soýuzynda ýaşan islendik adama degişli bolýar. Emma orsýet raýatlygyny aljak bolýan adamyň [ozaldan] ýaşaýan ýurdunyň raýatlygyndan el çekmegini talap edýär.

Azatlyk Radiosy: Bu kanunyň edil häzir kabul edilmegi näme bilen bagly?

Anatoliý Fomin: Bu mesele köpden bäri maslahat edilip gelinýärdi. Häzirki wagtda Orsýetde belli bir mümkinçilikler, hususan-da, işlemek üçin mümkinçilik döredi diýip pikir edýärin. Başga bir tarapdan, häzirki wagtda Orsýetde rus dünýäsini döretmek, ýagny orslary goldamak, birleşdirmek baradaky pikirler hem köp öňe sürülýär. Orsýet özüniň bu syýasatynyň ykrar edilmegini isleýär. Orsýet häzir her wagtkysyndan has kuwwatlandy.

Azatlyk Radiosy: Käbir analitikler Orsýetiň öz pasportlaryny başga ýurtlaryň raýatlaryna bermek arkaly şol ýurtlarda öz syýasy täsirini güýçlendirmek isleýändigini, ýagny öz raýatlaryny goraýandygyny aýdyp, beýleki ýurtlara basyş etmek üçin ulanyp gelýändigini aýdýarlar. Orsýet raýatlygyny almak düzgünleriniň aňsatlaşdyrylmagy Orsýetiň täze geosyýasy maksatlary göz öňünde tutýandygyny aňladyp bilermi?

Anatoliý Fomin: Bu ýerde men baglanyşyk görmeýärin. Ýöne geçmişde Orsýet öz pasportlaryny Moldowanyň Prednestrowýe regionynyň, Osetiýanyň we Abhaziýanyň ýaşaýjylaryna köpçülikleýin berýärdi. Ol ýerde syýasy maksatlaryň bolan bolmagy mümkin. Emma Türkmenistana gezek gelende men syýasy maksat görmeýärin, men ýönekeý raýatlar üçin täze mümkinçilik görýärin. Sebäbi Orsýetiň raýatlygyny almaga çalyşan türkmenistanlylar öň köp kösenýärdi. Orsýetde olaryň pasport almagynyň öňünde dürli böwetler döredilýärdi.

Azatlyk Radiosy: Anatoliý Petrowiç, siziň özüňiz Orsýete haçan göçüp gaýtdyňyz we bu siziň durmuşyňyza nähili täsir ýetirdi?

Anatoliý Fomin: Men Türkmenistanda Orsýetiň pasportyny ilkinji bolup alanlaryň biri. Men Orsýetiň pasportyny Türkmenistanyň prezidenti Nyýazowdan we hökümet agzalaryndan soň aldym. Men pasport alanymda, özümi goragly ýaly duýupdym. Men Orsýete 1990-njy ýyllaryň aýagynda göçüp gaýtdym, emma Orsýetde ornaşmak meniň özüm üçin örän agyr boldy. Ýaşamaga ýer, işlemäge iş ýokdy.

Men öýsüz köp kösendim, oturgyçda ýa stoluň üstünde ýatyp gün gördüm. Günüme bir döwüm çörekden başga zat iýmedik günlerim hem az bolmady. Şol döwürde Orsýete göçüp gaýdýanlara döwlet tarapyndan hiç hili kömek berilmeýärdi. Iş tapmak hem örän kyndy. Men şonda 60 ýaşymdadym. Menden başga-da göçüp gelenleriň köpüsi işsizlikden kösenýärdi. Pasporty bolanlaryň güni ýene ganymatdy, pasport almak üçin garaşmaly bolýanlar has agyr ýagdaýdady. Olar işe düýpden alynmaýardy. Işe ýerleşmek üçin propiska, propiska üçin bolsa pasport gerekdi, ýagny [hemme zat] şeýle çylşyrymlydy.
XS
SM
MD
LG