Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Söweşijiler Homsy terk edýär


Siriýaly ýüzlerçe söweşiji Homs şäheriniň merkezindäki soňky berkitmelerini terk edip başlady. Bu çäre ok atyşygy bes etmeklik barada geçen hepde hökümet güýçleri bilen gelnen ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar.

Homsyň häkimi Talal Baraziniň beren maglumatyna görä, 7-nji maýda söweşijiler birnäçe awtobusa münüp, şäheri terk edipdirler. Barazini olaryň Homs welaýatynyň demirgazyk çetindäki Talbiseh we al-Dar al-Kabira obalaryna gidendigini sözüne goşdy.

Söweşijileriň wekiliniň berýän maglumatyna görä, 7-nji maýda 1 müň 200 söweşiji şäheri terk edip, onuň kontrollygy hökümet güýçlerine geçiriler.

Muňa derek oppozisiýa söweşijiler tarapyndan gabawlykda saklanylýan demirgazykdaky hökümet tarapdary iki oba ýardamlaryň ugradylmagyna rugsat berer.
XS
SM
MD
LG