Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmen kömegi geldi, emma az”


Owganystana gelen silden ejir cekenlere azyk kömegi edilýär. Farýap welaýaty, 10-njy maý, 2014.
Türkmenistanyň duldegşir goňşusynda bolan tebigy betbagtçylyklar zerarly iberen ynsanperwer kömekleriniň Owganystana ýedi ýük maşynynda gelip ýetendigi aýdylýar, ýöne, Azatlyk radiosyna berlen maglumata görä, olardan ejir çeken owgan türkmenlerine suwytly bir zat ýetmändir.

Ozal habar berşimiz ýaly, Owganystanda bolan sil joşgunynda ol ýerde ýaşaýan etniki türkmenler hem köp zyýan gördüler, olaryň bir topary jaýsyz galdy we näçe diýseň kömek berilmegine mätäç.

Azatlyk Radiosy bu kömek we olaryň paýlanyşy barada Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Owgan gullugynyň Jowuzjan welaýatyndaky habarçysy Alym Rahmanýar bilen söhbetdeş boldy.
“Türkmen kömegi geldi, emma az”
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:57 0:00
Ýükle

Teswirleri gör (8)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG