Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” (HRW) guramasy ABŞ we ÝB-ne çagyryş bilen ýüzlenip, Özbegistanyň hökümetine basyşlary dowam etdirmäge we dokuz ýyl mundan öň Andijonda bolan köpçülikleýin gyrgynçylygy halkara derejesinde garaşsyz görnüşde derňemegi talap etmäge çagyrdy.
HRW 13-nji maýda ýaýradan bu beýannamasyny Andijondaky adam pidaly wakalaryň ýyl dönümine gabatlap ýaýratdy. Gurama Andijondaky gandöküşlikden 9 ýylyň geçmegi bilen hem özbek hökümetiniň garaşsyz derňewlerden ýüz öwürýändigini belledi.
2005-nji ýylyň 13-nji maýynda telekeçileri boşatmak boýunça parahatçylykly protest ýaragly adamlaryň goşulmagy bilen gozgalaňa öwrülipdi we özbek goşunlary tarapyndan esasan ýaragsyz adamlara garşy ok atylyp, basyp ýatyrylypdy.
Resmiler şonda 187 adamyň öldürilendigini aýtdylar, adam hukuklaryny goraýjylar bolsa pidalaryň hakyky sanynyň ençeme esse köp bolandygyny habar berýärler.