Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diplomalary ykrar edilmedikler 2 ýyl gulluk eder


“Raýatyň daşary ýurt diplomynyň ýurduň içinde ykrar edilendigi baradaky resminamasy bolmasa, ol goşunda 2 ýyl gulluk eder”
“Raýatyň daşary ýurt diplomynyň ýurduň içinde ykrar edilendigi baradaky resminamasy bolmasa, ol goşunda 2 ýyl gulluk eder”
Daşary ýurtlarda okap diplomlaryny ýurtda ykrar etdirmedik Türkmenistanyň raýatlary harby goşunda 2 ýyl gulluk ederler. Mälim bolşy ýaly ýokary bilimi bolanlar Türkmenistanda 1 ýyl gulluk edýärler. Emma daşary ýurtlarda ýokary bilim alanlar, eger ýurtda diplomlary ykrar edilmedik bolsa, onda ýokary bilimli diýlip hasaplanmaýarlar.

Azatlyk Radiosy paýtagtyň Köpetdag etrap harby komissariaty hem-de Bilim ministrligi bilen habarlaşanda hem bu hili ýagdaýlaryň bardygyny degişli resmiler tassykladylar. “Raýatyň daşary ýurt diplomynyň ýurduň içinde ykrar edilendigi baradaky resminamasy bolmasa, ol goşunda 2 ýyl gulluk eder” diýip, ady agzalan harby komissariatlykda maglumat berdiler.

Wagt tapawutlary

Şeýle-de diplomyny ykrar etmek üçin dokumentlerini Bilim ministrliginiň degişli bölümine tabşyran, emma düzgün boýunça synaglary geçip ýetişmedik raýatlaram 2 ýyl gulluk etmeli bolarlar. Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlardaky ýokary okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar etdirmek üçin döwlet synaglary ýylda iki gezek: ýanwar we iýul aýlarynda geçirilýär.

Harby gulluga çagyryş bolsa ýylda iki gezek aprel-iýun we oktýabr-dekabr aýlarynda bolýar. Ýagny, okuwyny tamamlap ýurda gelen raýat diplomyny ykrar etdirmek üçin diňe dokumentlerini tabşyryp ýetişýär. Synaglara bolsa ýetişmeýär.

Gulluk wagty ykrar etdirmek

Ýöne, Köpetdag etrap harby komissariatynda berilen maglumata görä, daşary ýurt diplomyny ykrar etdirmek üçin dokumentlerini tabşyran raýat harby gullugy geçýän döwri hem diplomyny ykrar etdirmek synaglaryna gatnaşyp bilýär. Munuň üçin onuň gulluk edýän harby bölüminiň serkerdebaşysynyň rugsady zerur.

“Bu rugsat hatyny almak üçin, raýatyň diplomyny ykrar etdirmek boýunça synaga goýberilýändigi barada Bilim ministrliginden ýörite güwanama alyp, ony raýatyň gulluk edýän harby bölüminiň serkerdebaşysyna görkezmeli. Şondan soň ol synaglary tabşyrmak üçin harby bölüminden goýberilýär” diýip, Köpetdag etrap harby komissariatynda aýtdylar.

Mundan başga-da, diplomyny ykrar etdirýän raýat gullugynyň ilkinji 12 aýynyň içinde diplomyny ykrar etdirip bilse, onuň diňe bir ýyl gulluk etjekdigini ady agzalan harby komissariatda mälim etdiler.

Elbetde, ýokarda aýdylan ýagdaýlar, esasan, diplomlary ýurtda ykrar edilýän daşary ýurt okuw jaýlarynda okap gelen raýatlara degişli. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda diňe döwlete degişli ýa-da diňe Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen “abraýly hasaplanýan” daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň gündizki bölümlerinde okan raýatlaryň diplomlary ykrar edilýär.

Bu kriterilere gabat gelmeýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň diplomlary ykrar edilmeýär. Şeýle-de şu ýyldan başlap girizilen täze düzgünlere laýyklykda, daşary ýurtlarda gaýybana okanlaryň-da diplomlaryny ykrar etmeklik ýatyryldy. Şol sebäpden şonuň ýaly diplomlaryň eýeleri Türkmenistanda 2 ýyl hökmany harby gullugy berjaý ederler.

Türkmenistandan daşary ýurtlara öz hasabyna okamaga gidýänler we olaryň problemalary barada resmi türkmen metbugatda köplenç hiç hili maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG