Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Bişkek: SDP ýol kartasyny tassyklady


Gyrgyzystanyň häkimiýet başyndaky “Sosial demokratik partiýasy” (SDP) ýurduň Russiýanyň liderligindäki “Gümrük Bileleşigine” goşulmagy üçin taýýarlanylan ýol kartasyny tassyklady.

“Sosial demokratik partiýasynyň” gyrgyz parlamentindäki toparynyň lideri Çynybaý Tursunbekow 23-nji maýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda häzirki wagt dokumentiň parlamentdäki beýleki bölümler we parlament komiteti tarapyndan maslahat edilmelidigini aýtdy.

Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew 20-nji maýda Şanhaý şäherinde žurnalistlere beren maglumatynda gürrüňi edilýän ýol kartasy kesgitlenilende Gyrgyzystanyň bähbidi hasaba alynmalydyr diýdi.

Şu hepde Gyrgyzystanyň premýer-ministri Joomart Otorbaýew gürrüňi edilýän ýol kartasyny durmuşa geçirmek üçin Bişkegiň 400 million amerikan dollaryna zerurulyk duýýandygyny belläp, ol bu möçberdäki puluň döwlet gaznasynda ýokdugyny aýdypdy.

Bu ýol kartasy barada soňky maslahatyň Gyrgyzystan bilen “Gümrük Bileleşigine” agza ýurtlaryň – Russiýanyň, Belarusyň we Gazagystanyň arasynda 29-njy maýda gazak paýtagty Astanada geçirilmegi planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG