Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada çaknyşyk boldy


Gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen orsýetçi söweşijileriň arasynda täze çaknyşyklaryň bolandygy habar berildi.

Gündogar Ukrainadaky separatist liderleri öz kontrolluk edýän ýerlerinde ses berilmeginiň öňüni almak wehimini salýarlar.

24-nji maýda bolan çaknyşyklar Kiýewiň separatistleriň gozgalaňyny togtatmak synanyşyklarynyň dowam edýän wagtynda boldy.

AP habar gullugy Donetsk regionynda, Kirliwka obasynyň ýanynda iki sany ukrain esgeriniň öldürilendigini, başga bir jesedi bolsa golaýda separatistler tarapyndan gurlan barlag nokadynyň ýanynda görendiklerini aýdýar.

Bu aýdylýan pidalar baradaky maglumat separatistler ýa hökümet resmileri tarapyndan bada-bat tassyklanyp bilinmedi.

ÝHHG-nyň gözegçiler missiýasy 25-nji maýdaky saýlawlara syn etmek üçin 23-nji maýda Kiýewe geldi.
XS
SM
MD
LG