Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Ulag dyknyşygy


Lebap: Ulag dyknyşygy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:49 0:00

Soňky ýyllarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýollarynda ulag dykynlary her gün diýen ýaly döreýär. Kämahal dykynlar zerarly ulaglaryň ýolda 2-3 sagatlap durmaly bolýandygy hem aýdylýar. Ulag dykynlarynda bidüzgünçilikleriň ýüze çykmazlygy üçin Ýol Gözegçilik Gullugynyň işgärleriniň 4-5 sanysy degişli ýerlerde gözegçilik edýärler. Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri ulag dykynlarynyň esasy sebäbini ýeňil ulaglaryň köpelmegi bilen düşündirse, käbir ýaşaýjylar şäheriň köçeleriniň dardygyny belleýärler. Wideo ýazgyda Türkmenabat şäheriniň käbir köçelerinde her gün döreýän ulag dykynyndan käbir pursatlary görýärsiňiz.

XS
SM
MD
LG