Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Fatema Sumar Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparyny tamamlady. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.
Günorta we Merkezi Aziýa sebitiniň ykdysady birleşmegi babatynda işleri alyp barýan Döwlet sekretarynyň kömekçisi Sumaryň Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň energiýa we gurluşyk işleri boýunça orunbasary Myrat Artykow we Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýaly birnäçe hökümet resmisi bilen duşuşandygy bellenilýär.
Gürrüňi edilýän bu duşuşyklarda Sumar bilen türkmen resmileriniň arasynda ikitaraplaýyn söwda, medeni gatnaşyklar, syýasy hyzmatdaşlyk, ynsan hukuklary we şeýle hem Täze ýüpek ýoly, energiýa, ulag, söwda, infrastruktura we Owganystanyň sebite birleşmek meselesinde Türkmenistanyň roly barada gürrüň edilipdir.