Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan: Dört adam öldürildi


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda bir polisiýa ofiseri we söweşiji diýlip güman edilýän üç adam öldürildi.

Russiýanyň Terrorçylyga garşy milli gullugynyň 7-nji iýulda beren maglumatyna görä, 6-njy iýulda Dagystanyň merkezi Untsukul etrabynyň Maýdanowskaýa obasynyň golaýynda ýörite operasiýalar başladylypdyr.

Häzirki wagt hem dowam edýän bu ýörite operasiýalarda başga-da üç polisiýa ofiseri ýaralandy.

Dagystan we Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionyndaky beýleki respublikalar yslamçy ekstremizm we guramaçylykly jenaýatlar bilen ilteşikli ýowuzlyklardan birnäçe ýyl bäri ejir çekip gelýär. Şol ýowuzlyklarda onlarça adam öldürildi we ýaralandy.

XS
SM
MD
LG