Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew 15-nji iýulda Bişkekde Türkmenistanyň sapara gelen daşary işler ministri, hökümet başlygynyň orunbasary Reşit Meredowy kabul etdi.
Gyrgyz prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşyk mahalynda gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň aktual meseleleri barada gürrüň edildi.
Gyrgyz prezidenti Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky diplomatiki wekilçiliginiň açylmagynyň gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadagyny belläp, munuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjegini belledi diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da tijemek zerurlygy barada gürrüň edilipdir.