Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Üç adam öldürildi


Pakistanyň gündogarynda adamlaryň köplügi Ahmadi musulmanlaryna degişli birnäçe öýi otlap ýakdylar. Bu wakanyň netijesinde bir zenan we onuň iki sany gyz agtygy öldürildi.

Punjab welaýatynyň Gujranwala şäherindäki goh-galmagal gürrüňi gidýän sektanyň agzasy Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda hudaýa şek ýetirmek mazmunly maglumatlary çap etmekde aýyplanandan soň, 27-nji iýulda ýaýrady.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, ölenleriň arasynda ýedi ýaşyndaky gyzjagazyň we onuň kiçi gyz jigisiniň hem bardygyny aýdýar.

Pakistanda dini azlyklaryň yzarlanmagy we öldürilmegi giňden ýaýrandyr. Bu ýurtda musulmanlaryň dini duýgularynyň ynjydylmagy dine şek ýetirmek bilen aýyplanyp, raýatlar ölüm jezasyna höküm edilip bilinýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG