Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gaza hüjümlerini dowam etdirýär


Palestinaly lukmanlar Ysraýylyň Rafah şäherine howadan eden hüjüminde ýaralanan çaga kömek berýärler, Gaza, 2-nji awgust, 2014.
Palestinaly lukmanlar Ysraýylyň Rafah şäherine howadan eden hüjüminde ýaralanan çaga kömek berýärler, Gaza, 2-nji awgust, 2014.

Gazada BMG-niň garamagyndaky mekdebe edilen heläkçilikli hüjümler halkara derejesinde tankyt edilýärkä, Ysraýyl 4-nji awgustda Gazanyň uly böleginde ok atyşygy birtaraplaýyn bes edýändigini yglan etdi.

Emma Hamas ýedi sagatlyk ýaraşyga özüniň goşuljak däldigini aýtdy we raýatlara köçä çykanlarynda örän seresaply bolmalydygyny duýdurdy.

Ok atyşygyň bes edilmeginiň güýje girmeli diýip kesgitlenen sagadyndan sähelçe wagt geçensoň, palestin lukmanlary Gaza şäherinde kenarýaka Şati bosgunlar lageriniň howadan oka tutulyp, bu hüjümde 30 adamynyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Şeýle-de Ysraýylyň howa zarbalary zerarly ”Yslam jyhady” toparynyň söweşijileriniň ýolbaşçysy Daniel Mansour 4-nji awgustda Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän öýünde wepat boldy.

”Yslam jyhady” atly topar Hamasyň ýakyn ýaranydyr.

Ok atyşygyň çäkli gerimde bes edilmegi

Ysraýyl ok atyşygyň bes edilmeginiň Ysraýlyň goşunlarynyň hereket edýän ýerlerine, şol sanda Gazanyň Rafah şäherine täsir ýetirmejegini aýtdy.

Şeýle-de Ysraýylyň goşunlaryna özleri hüjüme sezewar bolan ýagdaýynda gaýtargy bermek tabşyrylypdyr.

Ysraýylyň we Hamasyň arasynda 28 gün bäri dowam edýän uruş zerarly 1 770 palestinaly, wepat boldy we olaryň köpüsi parahat ilatdan bolan adamlar we çagalardyr.

Ysraýyllylardan 64 esger we üç parahat ýaşaýjy öldürildi.

Mekdebe hüjüm

Ysraýyl ok atyşygy bes etmek barada beýannamany 3-nji awgustda, Gazadaky bosgunlar lagerinde BMG-niň garamagynda bolan mekdebe eden heläkçilikli hüjüminiň halkara derejesinde tankyt edilýän wagty yglan etdi. Bosgunlar lagerinde uruşdan gaçyp, öz öýlerini terk eden 3 000 çemesi palestinaly ýerleşýär.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon 10 adamyň ölümine sebäp bolan bu hüjümiň “ahlak taýdan eden-etdilikli we jenaýatçylykly hereket” bolandygyny, onuň halkara kanunlaryny gödek depeleýändigini aýtdy.

“Bu paýhassyzlyk bes edilmeli” diýip, Ban Ki-Moon aýtdy.

BMG-niň palestin bosgunlaryna ýardam berýän agentliginiň (UNRWA) metbugat wekili Kris Gunness (Chris Gunness) 3-nji awgustda Tel Awiwde Reuters agentligine beren interwýusynda BMG-niň Gazadaky mekdebine edilen hüjüm barada şeýle diýdi: “Biz hüjümi berk tankyt edýäris. Sebäbi biz lagerde, bu mekdepde adamlaryň bardygyny Ysraýylyň goşunlaryna 33 gezek aýtdyk. Soňky sapar biz muny hüjümiň bir sagat öň ýanyndan duýdurdyk”.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki bu “masgaraçylykly” ok atyşygyň ABŞ-da erbet täsir galdyrandygyny aýtdy. Şeýle-de Psaki Ysraýyly “öz standartlaryny berjaý etmäge” we raýatlar bilen bagly hadysalaryň öňüni almaga çagyrdy.

Ysraýylyň goşuny amala aşyran hüjümini mekdebiň golaýynda ”Yslam jyhady” toparynyň motorly barýan üç agzasyna garşy gönükdirendigini aýtdy.

Bu hüjüm Gazadaky konfliktiň dowamynda BMG-niň palestinler üçin gurnan bosgunlar lagerlerine garşy edilen üçünji heläkçilikli hüjümdir.

BMG-niň bosgunlar üçin niýetlenen gaçybatalgalarynda 270 000 çemesi palestin raýaty ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG