Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Sakgallylaryň awtobusa münmegini gadagan etdi


Hytaýyň häkimiýetleri ýurduň durnuksyz Sinjiang regionynda uzyn sakgally ýa-da yslam dinine laýyk gelýän lybaslara geýnen adamlaryň awtobusda syýahat etmegini gadagan etdi.

Maglumata görä, bu gadaganlyk ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Karamaý şäheriniň ýaşaýjylaryna degişli bolup, ol bäş görnüşli ýolagçylary öz içine alýar.

Sinjiang türki kökleri bolan uýgurlaryň aglaba bolup ýaşaýan sebiti hasaplanylýar. Uýgur separatist toparlary ençeme ýyl bäri hüjümleri amala aşyrýarlar.

Geçen hepde uýgurlar Sinjiangdaky polisiýa merkezine we hökümet binasyna hüjüm eden mahaly 100-e golaý adam ölüpdi.

XS
SM
MD
LG