Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oguzhan: "Türkmenistan iş ýüzünde bir millet, iki döwlet däl"


Ýörük türkmen gyzy
Ýörük türkmen gyzy

Azatlyk Radiosy, "Dünýä Türkmenleri" gepleşiginde "Türkiýe türkmenlerini tanalyň" diýen tema esasynda, Türkiýedäki türkmenleriň dürli wekilleri bilen söhbetdeş bolup, Türkiýedäki ýörükler-türkmenler barada maglumatlar aldy.

Türkiýedäki ýörükleriň-türkmenleriň wekilleri, Türkmenistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklary üçin metbugatda ulanylýan "Bir millet, iki döwlet" diýilýän şygaryň özara gatnaşyklara we halkyň durmuşyna ýetirýän täsirleri hakyndaky öz garaýyşlaryny hem Azatlyk Radiosynda beýan etdiler.

Türkiýeli türkmenler barada maglumat edinmek, şeýle-de olaryň "Bir millet, iki döwlet" diýlen şygara garaýyşlaryny öwrenmek bilen bir hatarda bu temada öz pikirdir-garaýyşlaryny paýlaşmak isleýänleri Azatlyk Radiosynyň "Dünýä Türkmenleri" gepleşigini şu ýerden diňlemäge çagyrýarys:

"Türkmenistan iş ýüzünde bir millet, iki döwlet däl"
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG