Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Dört polisiýa ofiseri öldi


Owganystanda “Talyban” söweşijileri ýurduň Helmand welaýatyndaky polisiýa barlag-nokadyny ele salandan soň, dört owgan polisiýa ofiseri öldürildi.

Maglumatlara görä, hökümet güýçleri welaýatyň Sangin etrabyndaky postuň kontrollygyny gaýtadan almaga synanyşýarlar.

Bu hüjüm Owganystanda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň, ýurduň syýasy bulam-bujarlyga düşmeginiň öňüni almaga gönükdirilen gepleşikleri geçirmek üçin Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) Kabulda mahaly bolup geçdi.

7-nji awgustda Kabula baran Kerri iýun aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndaky sesleriň auditiniň netijelerini kabul etmekleri we birleşen hökümeti düzmekleri üçin kandidatlar Aşraf Ganini (Ashraf Ghani) we Abdulla Abdullany (Abdullah Abdullah) razy etmäge çalyşýar.

XS
SM
MD
LG