Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: Ukrain gepleşiklerinde “öňe gidişlik” boldy


Russiýa Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly Berlinde geçirilen dört taraply gepleşiklerde “kesgitli öňe gidişlikleriň” gazanylandygyny aýdýar.

Russiýanyň, Ukrananyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda bäş sagat dowam eden gepleşikden soň, 18-nji awgustda Russiýanyň Daşary işler ministrligi beýanat ýaýratdy. Bu beýanatda Ukrainadaky krizisiň gowşamagy üçin taslamalary döredip biljek has köp gepleşikleri geçirmek barada ylalaşyga gelnendigi bellenilýär.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer (Frank-Walter Steinmeier) gepleşikleriň “agyr” geçendigini, emma onda “käbir öňe gidişlikleriň gazanylandygyny” aýtdy. Şeýle-de, ol ministrler bu barada öz ýurtlarynyň paýtagtlaryna dolanansoň maglumat bererler we gepleşikleriň nähili dowam etmelidigi barada 18-19-njy awgustda ylalaşmaklary mümkin diýdi.

Ştaýnmaýer gepleşikde ministrleriň Ukrainanyň gündogarynda ok atyşlygy nädip bes edip boljakdygyna we Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky serhediň kontrolyny nädip gowulaşdyryp boljakdygyna üns çekendigini sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG