Belli türkmen aktýory Baba Annanow 1959-njy ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral institutyny tamamlady. 1960-1976 ýyllarda Türkmen telewideniýesinde, A.Garlyýew adyndaky kinostudiýada režisser bolup işledi. 1986-1990-njy ýyllarda Mollanepes adyndaky Döwlet akademiki drama teatrynyň direktory boldy. Ol kinoda ilkinji roluny student wagty “Özbekfilm” kinostudiýasynda goýlan “Leniniň putýowkasy boýunça” diýen filmde oýnady. “Turkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürlen “Ilkinji ekzamen”, “Aýgytly ädim”, “Gara altyn”, “Aýal ata çykanda”, “Laçyn”, “Jemalyň daragty”, “Ýanýan arabanyň ýoly”, “Pyragy-bagtyndan jyda düşen”… filimlerinde, “Özbekfilim”, “Täjikfilim”…kinostudiýalarynda surata düşürlen filimlerde oýnady.
Baba Annanowyň režisserlyk işleri hem bar. Ol “Serdar”, “Kärizgenler”, “Agyr ýük”, “Zöhre we Tahyr”, “Zergär”, “Ussalar”, “Şahyr”, “Seýdi”, “Mukam agajy”… ýaly çeper we dokumental filimleri döretdi. Ol ençeme powestleriň, hekayalaryň, goşgularyň, kinossenarylaryň awtorydy.
Baba Annanowa “TSSR-iň halk artisti” (1974), “SSSR-iň halk artisti” (1985) diýen atlar dakyldy. Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň (1966) laureatydy (eýesidi).
Baba Annanow 21.12.1992-de aradan çykdy.
Baba Annanowyň mirasy

1
Baba Annanow Artygyň rolunda, "Aýgytly ädim" kinofilmi ("Türkmenfilm" kinostudiýasy)

2
Baba Annanowyň gahrymany Artyk türmeden çykandan soň, "Aýgytly ädim" ("Türkmenfilm" kinostudiýasy)

3
Kinofilmden bir pursat

4
Baba Annanow, "Aýal ata çykanda" filmi ("Türkmenfilm" kinostudiýasy)