Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň halk artisti Smelýanskiniň doglan gününe 95 ýyl boldy


Türkmenistanyň halk artisti Leonid Markowiç Smelýanskiý
Türkmenistanyň halk artisti Leonid Markowiç Smelýanskiý

10-njy noýabrda Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistan Sowet sosialistik Respublikasynyň we Kabardino-Balkariýanyň sungatda at gazanan işgäri Leonid Markowiç Smelýanskiniň doglan gününe 95 ýyl boldy. 1961-nji ýylda TSSR-iň at gazanan döwlet halk tans ansamblynyň ýolbaşçysy bolan Leonid Smelýanskiý Türkmenistanyň milli horeografiýasyna uly goşant goşan sungat wekilidir. Ol onlarça meşhur eserleriň awtory hasaplanýar.

Azatlyk Radiosy Leonid Smelýanskinyň döredijiligi barada onuň gyzy, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi we “Aýgytly ädim” filminde baş rollaryň biri Aýany döredip meşhurlyk gazanan Žanna Smelýanskaýa bilen söhbetdeş boldy.

Žanna Smelýanskaýa 'Aýgytly ädim' kartinasynda
Žanna Smelýanskaýa 'Aýgytly ädim' kartinasynda

Azatlyk Radiosy: Türkmen milli horeografiýasynyň ösmeginde, siziň kakaňyzyň hyzmaty nä derejede boldy?

Ž. L. Smelýanskaýa: Men bir zady aýdyp biljek, kakamyň döredijilik ukyby halkyň milli döredijilik horeografiýa sungatyny aýan etmäge gönügipdi. Ol horeografiýanyň Türkmenistanyň halkynyň aň-düşünjesine siňşini yzarlamakdan başlandy hem döredildi. Ýöne ol tans ansambly ýok edildi.

Azatlyk Radiosy: Ansambil haçan dargady?

Ž. L. Smelýanskaýa: Men muny aýdyp bilerin, 93-nji ýylda meniň kakam ýogalanda, ansambly Ahmet Pürsiýanowa berdiler. Ol döwürde Ahmet Pürsiýanow Opera we balet teatrynyň solistidi, oňa ansamla ýolbaşçylyk etmegi tabşyrdylar. Şondan soň hem ansambl nähildir wagt içnde işledi. Soňky ýagdaýy aýtmak maňa kyn.

Azatlyk Radiosy: Aslynda siziň kakaňyz Türkmenistana haçan gelipdi we ilkinji ýyllarda onuň işe başlamagy nähili etaplary başdan geçirdi?

Ž. L. Smelýanskaýa: Ol 1961-nji ýylda gelipdi. Ol şol döwürde SSSR-iň Medeniýet ministrliginde işleýärdi. Ony şol ýerden Türkmenistana iberdiler. Sebäbi ähli işler SSSR Medeniýet ministrliginiň üstünden ýa-da olaryň teklibi bilen amala aşyrylýardy. Ol gelen wagtynda kollektiw örän kiçi hem dagynakdy. Ýöne meniň kakam batyrgaý adamdy, geçen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşypdy. Ol tutuş urşy geçen artillerist. Hiç kimden çekinmeýärdi. Onuň tansçy hökmündäki ukybyny hem guramaçylyk işlerini barladylar. Oňa gazaply daraşdylar. Ol guramaçy hökmünde her adama aýratynlykda garamagy başarýardy, ýoldaşlaryny sylaýardy, sowatlydy hem medeniýetlidi. Ilki bada ol klassyky tansy ornaşdyryp başlady. Balet repetisiýalaryny gurady, soňra halk tansyna geçdi. Ol örän agyr hem köp işlemeli bolýardy. Halk horeografiýasy bilen klassyky horeografiýany utgaşdyrýardy. Ol dünýä halklarynyň tanslaryny öwrenýärdi. Şondan soň kollektiw gowy, jaýba-jaý bolýan we özara düşünişýän bir göwrä, organizme öwrüldi. Hemmeleriň ösesi hem kämilleşesi gelýärdi. Ol ýaşlary horeografiki uçilişelere ýollap başlady. Esasan-da, Türkmenistan öz okuwçylaryny Daşkende hem Leningrada ýollaýardy.

Azatlyk Radiosy: Olar nähili netijelere ýetdiler? Türkmenistanyň tans ansambly Soýuzda tanalýarmydy?

Ž. L. Smelýanskaýa: Hawa. Olar populýar boldular. Ol uly kollektiwi döredip bildi. Leonid Markowiç döwründe olar Döwlet at gazanan ansambly diýen ada eýe boldy.

Azatlyk Radiosy: Leonid Markowiç ansambla näçe ýyl ýolbaşçylyk etdi?

Ž. L. Smelýanskaýa: Kakam 75-nji ýyla çenli ansambla ýolbaşçylyk etdi. Ol döwründe ansambl gülledi. Onuň Çehoslowakiýada bolanyny hem men bilýän. Sowet Soýuzynyň beýleki şäherlerinde, şol sanda Türkmenistanyň ähli oba-şäherlerinde çykyş etdiler. Ýöne 1975-nji ýylda örän ýakymsyz waka ýüze çykdy. Leonid Markowiçi Filarmoniýa baletmeýster edip geçirdiler. Munuň näme üçin edilýändigine kakam düşünmedi. Sebäbi ol halk tansyny aşa söýýärdi. Ol esasy işiniň daşyndan, “Moskwa” kolhozyna gidip, ol ýerde çagalar ansamblyny döretdi. Ol ýerde balet klasyny açdy. Ony örän owadan aýnalar bilen abzallaşdyrmagy başardy. Ol kiçi çagalara tans etmegi öwretdi. Netijede, çagalaryň uly horeografiki topary emele geldi. Öň türkmenlerde oglanlar gyzyň elinden tutmandyr, bu bir öwrülişik pursady boldy. Ol çagalara özara baglanyşykly hereket etmegi öwretdi. Bu örän täsirli kollektiw boldy. Ýöne Fransiýa çykyş etmäge gitmeli bolanda, ol kollektiw bilen kolhozyň başlygy gitdi. Elbetde, mundan soň ol işden çekilmeli boldy. Soň kakam işsiz galdy.

Azatlyk Radiosy: Leonid Markowiçiň şondan soňky döredijilik ýoly nähili boldy?

Ž. L. Smelýanskaýa: Ol öz döwründe SSSR-iň iň belli bäş horeograflarynyň biridi. Şonuň üçin oňa SSSR Medeniýet ministrliginden çakylyk bolup, ony Gazagystana iberdiler. Ol Gazagystanyň aýdym-tans toparyna ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň halk artisti Smelýanskiniň doglan gününe 95 ýyl boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:38 0:00

XS
SM
MD
LG