Karaçiden Yslamabada uçýan uçaryň ýolagçylary pakistanly iki kanun çykaryjynyň uçara münmegine päsgel berdiler. Ýolagçylar syýasatçylaryň gelmegi sebäpli öz uçuşynyň iki sagatdan köp wagtlap yza tesdirilmeginden şikaýat etdiler.
Pakistanyň halkara howa ýollarynda 15-nji sentýabrda bolan bu wakanyň wideosy sosial mediada bir gün soň peýda boldy we Pakistanyň syýasatçylarynyň we harby liderleriniň özlerine aýratyn gatnaşykdan peýdalanmagy baradaky diskussiýalary tutaşdyrdy.
Hökümet resmileri agzalan uçaryň ýoldan galmagyna Pakistanyň oppozision “Halk partiýasynyň” agzasy Rehman Maligiň we häkimiýet başyndaky partiýanyň agzasy Rameş Kumar Wankwaniniň gelmeginiň sebäp bolandygyny tassykladylar.
Malik ýolagçylar özlerinden ötünç soramagy talap edensoň, uçara münmän yzyna gaýtdy, Wankwani ýolagçylaryň oňa aýakgap zyňmak barada haýbat atansoň uçara münmekden saklandy.