Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama amerikan goşunlarynyň Yrakda hiç hili uruş roly bolmaz diýdi.
Obama 17-nji sentýabrda Birleşen Ştatlaryň Merkezi komandowaniýesindäki esgerlere ýüzlenip eden çykyşynda “Yrakda ýerleşdirilen amerikan güýçleriniň uruş missiýalary ýok we bolmaz” diýdi.
Şeýle-de, Obama ekstremist “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşmek üçin 40-dan gowrak ýurduň ýardam teklip edendigini belledi.
Obamanyň bu baradaky çykyşy 16-njy sentýabrda ýurduň iň ýokary derejeli generaly Martin Dempseý “Yslam döwletine” garşy göreşmek üçin Birleşen Ştatlaryň käbir maslahatçylarynyň Yrak güýçlerine goşulmalydygy barada teklip etmeginiň yzýany boldy.
Dempseýiň bu çykyşyna Yragyň täze premýer-ministri Haýdar al-Abadi reaksiýa bildirip, özüniň 17-nji sentýabrda ýaýradan maglumatynda Yragyň “Yslam döwletine” garşy göreşinde daşary ýurtly meýdan güýçlerine zerurlygyň ýokdugyny mälim etdi.