Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada, Yrakda 200 täjik söweşýär


Täjigistanyň prezidenti Emomaly Rahmon Yrakdaky we Siriýadaky yslamçy jeňçileriň hataryna 200 çemesi täjigistanlynyň goşulandygyny aýtdy.

Ol dolandyryjy Halk Demokratik partiýasynyň 18-nji sentýabrdaky ýygnagyna ýüzlenip, jyhadçy toparlara goşulan täjik söweşijileriniň 30 sanysynyň daşary ýurtda öldürilendigini, birnäçesiniň bolsa Täjigistana dolanyp gelen mahaly tutulandygyny aýtdy.

Rahmon Täjigistanyň durnuklylygy dini ekstremist toparlaryň barha ýokarlanýan howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýdi. Şeýle-de ol dolandyryjy partiýanyň ekstremizme, hususan-da ýaş nesliň arasyndaky ekstremize garşy göreşmeginiň ileri tutulýan ugurdygyny belledi.

Täjik häkimiýetleri şu hepde Siriýadaky jyhadçy adamsynyň ýanyna gitmäge çalşan aýaly tussag etdiler. Ol aýalyň ýanynda üç sany ýaş çagasy hem bar eken.

XS
SM
MD
LG