Owgan polisiýasy demirgazyk Owganystanda partlan bombanyň azyndan alty adamy öldürendigini aýdýar.
Ol adamlar 19-njy sentýabrda, metjitde namaz okap çykanyndan soň öldürilipdir.
Baglan welaýatynyň polisiýa sözçüsi metjidiň daş işiginde bolan partlamanyň, ölenlerden başga, 12 adamy ýaralandygyny habar berdi. Ol bu hüjümi kimiň gurnandygy anyk däl diýdi.
Logar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Din Mohammad Darwiş bolsa, 18-nji sentýabrda «Talyban» bilen bolan söweş mahalynda dört polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýtdy.