Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şarifiň aýyplamalary ret edildi


Pakistanyň sudy premýer-ministre Nawaz Şarife we onuň maşgalasyna uzak wagt bäri ýöňkelýän iki sany korrupsiýa aýyplamasyny ret etdi.

Suduň 19-njy sentýabrdaky kararynda bu aýyplamalaryň syýasy äheňlidigi aýdyldy.

Bu karar Şarifiň hökümeti saýlaw galplaşdyrmalarynda we uly korrupsiýada aýyplaýan protest hereketi bilen ýüzbe-ýüz durýan wagtynda çykaryldy.

Aýyplamalaryň birinde Şarifiň Lahordaky jaýynyň gurluşygynyň pulunyň nämälim çeşmelerden alnandygy aýdylsa, beýlekisinde kagyz kompaniýasynyň üstünden pul ýuwlandygy öňe sürülýär.

Bu aýyplamalar suda 2000-nji ýylda, ozalky harby dolandyryjy Perwez Muşarrafyň hökümeti tarapyndan getirilipdi.

Şarifiň dogany, Panjab welaýatynyň baş ministri Şabhaz hem korrupsiýada aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG