Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haýsy prezident has täsirli boldy?


Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow (çepde) we şol wagtky saglyk ministri Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow (çepde) we şol wagtky saglyk ministri Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistan oktýabryň aýagynda 1991-nji ýylda eýe bolan garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlanýar.

Garaşsyzlyk türkmen halkyna, özbaşdak döwletli bolmak bilen bilelikde, öz prezidentini saýlamak bagtyny hem berdi.

Şu geçen ýigrimi ýyl gowrak wagt içinde türkmenistanlylar birnäçe prezident saýlawyny geçirip, iki prezident saýladylar. Olaryň birinjisi "ömürlik prezident" diýlip yglan edilen Saparmyrat Nyýazow boldy, ikinjisi bolsa, ilkinji prezidentiň ölümininden soň saýlanan we häzir ikinji möhlet prezidentligini ýerine ýetirýän Gurbagnuly Berdimuhamedow.

Eýsem bu prezidentleriň haýsysy halka has ýakyn boldy? Olaryň siziň durmuşyňyzda oýnan roluna, döreden täsirine siz nähili baha berýärsiňiz?

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna gabatlap, diňleýjilerine we internet saýtynyň okyjylaryna şeýle sorag bilen ýüzlenmegi makul bildi. Jogaplaryňyza garaşýarys.

XS
SM
MD
LG