Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howa zarbalary «Yslam döwleti» toparynyň Kobane şäherindäki nyşanlaryny urdy.
Bu Türkiýe bilen serhetde ýerleşýän kürt şäheridir. Pentagon 27-nji sentýabrda Kobane şäheriniň serhet geçelgesinde «Yslam döwletiniň» bir binasynyň we iki sany ýaragly tehnikasynyň weýran edilendigini aýtdy.
Kürt söweşijeleri, onlarça müň adam bu ýeri we onuň töweregini terk edip, Türkiýä gaçaly bäri, Kobane şäherini «Yslam döwletiniň» jeňçilerinden goramak üçin söweş alyp barýarlar.
Siriýada, şol sanda Rakka welaýatynda hem «Yslam döwleti» toparynyň nyşanalaryna zarba uruldy. Alepponyň gündogaryndaky Minbej şäherine, demirgazyk Yraga, Erbiliň günorta-günbataryna hem zarba uruldy.
Siriýada söweşýän başga bir jyhadçy topar, «Al-Kaýda” bilen iltewli «Al-Nusra front» hem 27-nji sentýabrdaky zarbalardan paý aldy we bu hüjümleri amala aşyran ýurtlardan öç almak haýbatyny atdy.