Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Berjek jogabymdan gorkýaryn


Ýaş adamyň gorkup duran pursady.
Ýaş adamyň gorkup duran pursady.

Iki dile suwara

Ýazyjy Hojanepes Meläýew geljekde ýazjak “Şazadanyň ýaşlygy” (Jelalletdin Meňburun hakyndaky eser) powestine material toplamak üçin özüni Hindistana döredijilik saparyna ugratmagy haýyş edip SSSR Ýazyjylar birleşigine arza ýazypdyr. SSSR Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň sekretary Ýuriý Surossow “Hojanepes, rus dilini gowşak bilýäň. Iňlis dilini bileňok. Döredijilik saparyna ibersegem, barybir material toplap bilmersiň” diýipdir. Hojanepes:

-Türkmen, iňlis dilini suwara bilýän dilmajy ýanyma goşuň! Iňlis diliniň gözüne gül salaryn. Kim enesiniň göwresinde iňlisçäni öwrenipdir -diýip, haýyşyny gaýtalapdyr.

Gorky

Şahyr Ýylgaý Durdyýew Türkmen döwlet üniwersitetinde okaýan döwri Türkmen dili dersinden ekzamen tabşyrmak üçin bilet çekipdir. Biletdäki sowallary okandan soňra ýüz-gözi üýtgäpdir. Bu ýagdaý ekzamen alýan mugallym professor Gumman aga Saryýewiň nazaryndan sypmandyr. Ol “Durdyýew, näme üçin boz-ýaz bolduň? Şir-peleň gördüňmi ýa-da biletdäki soragdan gorkduňmy?” diýipdir. Şu ikarada özüni biraz dürsän Ýylgaý:

-Soragdan gorkamok, öz berjek jogabymdan gorkýan -diýipdir.

Rekord

Çagalar ýazyjysy Agageldi Allanazarow mekdebi tamamlap, goşunyň howa-desant kysymynda gulluk edipdir. Gullukdan soňra ýokary okuw jaýyna okuwa girmek üçin dokumentlerini tabşyrypdyr. Kabul ediş komissiýasynyň işgäri onuň dokumentleri bilen tanyşandan soňra “Harby gullukda paraşýutdan böküp, on bir gezek rekord goýupsyň. Filologiýa fakultetine däl-de, harby okuw jaýyna okuwa girseň bolmaýarmy?” diýipdir. “Filologiýa fakultetine kabul edilmerin” diýen gorka düşen Agageldi:

-Paraşýutdan diňe bir gezek bökdüm. Galan on gezek duýman durkam ýeňsämden itdiler -diýip, bolan ýagdaýy boýun alypdyr.

Maslahat

Berdinazar Hudaýnazarowyň nowbahar ogly Nazar çaga wagty “Kaka, ulalsam lukman boljak. Diş lukmany bolaýynmy ýa-da gulak lukmany?” diýip sorapdyr. Berdinazar aga:

-Adamyň iki gulagy, otuz iki dişi bar. Diş lukmany bol, işsiz galmarsyň -diýipdir.

Kim bilmeşek

Bir gezek şahyr Gurban Wehimi “Men ähli zady biýän. Sen ýaly körzehin däl. Islän zadyňy sora, jogabyny menden al” diýip, dosty Pyhy Taganyň çetine degipdir. Pyhy däde:

-Kyrkaýagy agsatmak üçin onuň näçe aýagyny döwmeli? -diýip, sowal beripdir.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG