Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda SMS hyzmaty ýatyryldy


Täjigistanyň hökümeti 10-njy oktýabrda Duşenbede oppozision ýörişiň bolmagynyň ähtimallygyna hüşgärlik bildirýärkä tutuş ýurt boýunça SMS hyzmaty ýatyryldy.

Döwlet telekommunikasiýa gullugy tekst görnüşinde maglumat ugratmak boýunça SMS hyzmaty bilen bagly dörän problemalara takyklaşdyrylmadyk tehniki kemçilikleriň sebäp bolandygyny Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdylar. Emma mobil operatorlar SMS hyzmatynyň Döwlet Telekomyň görkezmesi boýunça öçürilendigini aýtdylar.

5-nji oktýabrda Täjigistanda ýüzlerçe websaýtlar, şol sanda Facebook, YouTube we Orsýetde meşhur sosial ulgamlar petiklendi.

Bu ýagdaý gaçgak biznesmen Umarali Kuwatowyň ýolbaşçylygyndaky “Topar 24” atly oppozision hereketiň sosial mediadan peýdalanyp, 10-njy oktýabrda Duşenbede hökümete garşy protest geçirmäge çagyryş edensoň ýüze çykdy.

9-njy oktýabrda Täjigistanyň Baş sudy “Topar 24” guramany ekstremist tapdy we gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG