Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kobani: ABŞ howadan zarba urdy


ABŞ-nyň harbylary gabawdaky Kobani şäheriniň daşynda “Yslam döwletine” degişli nyşanlara dokuz sany zarba urdy.

ABŞ-nyň baş harby ýolbaşçylygynyň beýannamasynda Kobaniniň günortasynda howadan urlan alty sany zarbanyň “Yslam döwletiniň” iň uly toparlaryna we ýene kiçiräk ikisine garşy amala aşyrylandygy we söweşijileriň iki sany binasynyň we tankynyň hem agyr top ýaragynyň ýok edilendigi habar berildi.

Beýleki üç howa hüjümi Kobaniniň demirgazyk tarapynda edilip, “Yslam döwletiniň” iki sany kiçi toparyna garşy gönükdirilipdir.

Siriýada adam hukuklaryna syn edýän gurama, ABŞ-nyň soňky harby hereketlerine garamazdan, “Yslam döwletiniň” 9-njy oktýabrda basyşyny güýçlendirendigini we Kobaniniň üçden bir bölegine gözegçilik edýändigini habar berdi.

Kobaniniň ýaraglanan kürt goragçylarynyň ýolbaşçysy söweşijileriň basyşynyň üstünlikli bolandygyny tassyklady.

XS
SM
MD
LG