Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nuland: Moskwa garşy sanksiýalary gowşatmaga esas ýok


ABŞ-nyň baş diplomaty ähli daşary ýurtly goşunlar Ukrainany terk edýänçä, Kiýewiň serhetlere gözegçiligi dikeldilip, ähli zamunlar boşadylýança Orsýete garşy sanskiýalaryň hiç biri gowşadylmaz diýdi.

“Şu gün Ukrainada parahatçylyk ylalaşygy kagyz ýüzünde bar, Ukrainanyň uly böleginde parahatçylyk bar, emma parahatçylyk ylalaşygy esasy ugurlarda henizem bozulýar”, diýip ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoriýa Nuland aýtdy.

Ukrainanyň gündogarynda ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda gelnen ylalaşyk güýjünde galýar, emma käbir söweşler dowam edýär, aýratynam bu ýagdaý gozgalaňçylaryň elindäki Donetsk şäheriniň daşynda ýüze çykýar.

XS
SM
MD
LG