Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"IREX-iň gitmegi zyýan"


Birleşen Ştatlar amerikan jemgyýetçilik guramasy IREX-iň häkimiýetleriň basyşy astynda Azerbaýjandaky işini togtatmagy ýurtdaky demokratiýa tagallalaryna zyýan bolar diýýär.

"Biz IREX-iň garaşsyz, professional metbugata we halklaryň bir-birleri bilen gatnaşyklaryna ýardam etmek baradaky tagallalaryna uly ähmiýet berýäris» diýip, ABŞ-nyň döwlet departamentiniň resmisiniň Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna eden beýanatynda aýdylýar.

"Azerbaýjanda IREX-iň ýapylmagy bu möhüm işe urlan zarba boldy» diýip, ol resmi sözüniň üstüni ýetirdi.

IREX Azerbaýjandaky işlerini 30-njy sentýabrda togtatdy.

Bu gurama şu ýylyň başynda birnäçe azeri we halkara jemgyýetçilik guramasyna garşy başlanan «jenaýat derňewi» sebäpli öz bank hasaplarynyň doňdurylandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG