Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Websaýtlar işläp başlady


Täjigistanda 5-nji oktýabrdan bäri petiklenen websahypalaryň ençemesi gaýtadan işläp başlady.

13-nji oktýabrdan başlap ýurtda Facebook, Wikipedia ýaly saýtlara we meşhur rus sosial ulgamlaryna bökdençsiz girip bolýar.

Şeýle-de, geçen hepdäniň dowamynda ýatyrylan SMS hyzmatlary hepdäniň soňunda gaýtadan işläp başlady.

Täjigistanda “Group 24” atly oppozision hereket 10-njy oktýabrda täjik paýtagty Duşenbede hökümete garşy protest çärelerini geçirmek barada sosial ulgamlarda çagyryş edensoň, ýurtda ýüzlerçe websahypa petiklenipdi. Gürrüňi gidýän oppozision herekete gaçgaklykdaky täjik işewüri Umarali Kuwwatow ýolbaşçylyk edýär.

Täjik paýtagty Duşenbede gürrüňi gidýän protest çäreleri geçirilmedi.

9-njy oktýabrda Täjigistanyň Ýokary sudy “Group 24” atly oppozision toparyň ekstremist guramadygy barada karar çykaryp, ony gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG