Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Tabytda ýatanyň oňad-a


Bir gezek: Tabytda ýatanyň oňad-a.
Bir gezek: Tabytda ýatanyň oňad-a.

Penjek gelşikli...

Bir gezek şahyr Ýylgaý Durdyýew iş otagyma geldi. Egnindäki täza penjegini görsem-de görmezlige saldym. Ol uzak çydap bilmedi. “Inim, täze penjek satyn aldym. “Gutly bolsun, toýda tozsun” diý! ahyryn” diýdi. Men şu söze garaşýardym:

-Gelşikli, owadan penjegi görýän. Ýöne içi boş. Penjege-de dil bitjek oguşýan -diýdim. Ýylgaýyň girre gahary geldi. “Seniň kelläň boş” diýip, ýerinden gaharly turup, gapa tarap ýöneldi. Gapa ýetýänçä gahary köşeşdi. “Goňursy gul (has gowy görýän adamlaryna söýünç bilen ýüzlenşi), biderek gürrüň etme! Ýör, restorana gidip, penjegimi “ýuwaly” diýdi. Ýylgaýyň bu teklibini berkitmek üçin onuň uguny ýekeledim:

-Agasy, “Egin-eşik adamy däl-de, adam egin-eşigi bezeýär” diýilýäni çyn eken. Egniňdäki penjegi başga biri geýen bolsa, beýle göze ýakymly, gelşikli görünmezdi -diýdim. Öwgüme monça bolan Ýylgaýyň erini gulagynyň düýbüne ýetdi.

Sport mahabaty

Bir gezek meşhur ýomakçy ýazyjy Gurbangylyç Hydyrow soňky döwürde et-ýag ýýgnap, göwresiniň agralýandygyny aýtdy. Gürrüňe ýazyjy Nury Baýramow goşuldy. “Sluşaý, Gurbangylyç, nahar iýip, bu agyr göwräň bilen telewiziriň öňünde bulaşyp ýatma-da sport bilen meşgullan. Alymlar sportuň adam ömrüni bäş ýyl uzaltýandygyny subut etdiler” diýdi. Gurbangylyç aga ilki güldi, soňra-da:

-Nuryş, ol diýýäniň dogry. Ýöne şol bäş ýyly sport maşklaryny edip, üstesine-de ylgap geçirmeli. Sen maşk edip, ylgap ömrüňi bäş ýaş uzalt. Men bolsa senden bäş ýyl ozal ol dünýa gideýin. Ylgap öleniňden tabytda dynç ýatanyň oňad-a -diýdi.

Ýeňil jeza

Çagalar ýazyjysy Agageldi Allanazarow özüni köp zatdan habarly adam hasaplaýar. Ilkinji dörän mümkinçilikde nämedir bir zady aýdyp, adamlary geň galdyrmagy özüne dereje bilýär. Bir gezek bir üýşmeleňde “Gadymy Hytaýda käbir jenaýatçylara telim gije-gündiz uklatman jeza beripdirler. Ol ýowuz jeza hasaplanypdyr -diýdi. Bir çetde duran ýazyjy Hojanepes Meläýew:

-Seniň döwlet syýasatyny wasp edip, ýazýan sarnama goşgularyňy bigünä çagalara, okuwçylara ýat tutdurandan-a ýeňil jeza eken -diýdi.

Goý, ýagsyn

Bir gezek ýazyjylar Nikolaý Zolatarýow bilen Orazmyrat Gurdow restorana gitmekçi bolýar. Ýöne jübülerindäki puluň azlygy üçin ol niýetlerini goýbolsun edip, piwohana gitmegi müwessa bilýärler. Şol wagt ýagyş ýagyp başlaýar. Orazmyrat “Beý, ýagyş-da ýagyp başlady” diýýär. Nikolaý:

-Goý, ýagsyn! Asmanyň jübüsi ikimiziňki ýaly boş däl -diýipdir.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW

XS
SM
MD
LG