Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Yraga çagyryş etdi


Birleşen Milletler Guramasy ölüm jezasy ýaly çäreleriň ýowuzlygy has-da artdyrýandygyny aýdyp, Yrak giňden ýaýran bu çäresini bes etmelidir diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň 19-njy oktýabrda ýaýradan raportynda 2014-nji ýylyň başyndan bäri Yragyň ýolbaşçylary azyndan 60 adamy dardan asdylar we ýurtda ýene 1 müň 724 tussag ölüm jezasy bilen höküm edilmegine garaşýar diýilýär.

Şeýle-de, raportda Yrakda amala aşyrylan käbir ölüm jezalarynda “yza gaýdyp bolmajak sud ýalňyşlyklarynyň” bolandygy aýdylyp, aladalanma bildirilýär.

Raportda Yrakdaky ölüm jezalarynyň ilatyň goldawy esasynda amala aşyrylýandygyny aýdýan yrak hökümetiniň öňe sürmeleri hem ret edilýär.

XS
SM
MD
LG