Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa, D.Koreýa gepleşiklere başlady


Ýaponiýanyň we Demirgazyk Koreýanyň resmileri 1970-80-nji ýyllarda alnyp gaçylan ýapon raýatlarynyň ykbaly bilen baglanyşykly kommunist ýurduň geçirýän derňewleriniň gidişine baha bermek maksady bilen 28-nji oktýabrda iki gün dowam etjek gepleşiklere başladylar.

Ýapon raýatlarynyň alnyp gaçylmagy iki ýurduň arasyndaky dartgynly gatnaşyklarda esasy mesele bolup durýar. Bu iki ýurduň arasynda resmi diplomatik gatnaşyklar ýokdur.

Ýokary derejeli diplomat Juniçi Iharanyň (Junichi Ihara) ýolbaşçylygyndaky ýapon delegasiýasy dört gün Demirgazyk Koreýada galar.

2002-nji ýylda Demirgazyk Koreýa koreý aňtawçylaryna ýapon dilini we medeniýetini öwretmegi üçin 13 ýapon raýatyny alyp gaçandygyny kabul edipdi.

Alnyp gaçylan raýatlaryň bäşisi şol ýylyň dowamynda yzyna Ýaponiýa dolanypdy. Şol bir wagtyň özünde Demirgazyk Koreýa alnyp gaçylan beýleki ýapon raýatlarynyň ölendigini ýa-da hiç haçan ýurda girmändigini aýdypdy.

Ýaponiýa başga-da ýüzlerçe adamyň alnyp gaçylan bolmagynyň mümkindigini we olaryň käbirleriniň heniz hem diri bolup biljekdigini aýdýar.

Maý aýynda Demirgazyk Koreýa adamlaryň alnyp gaçylmagy bilen baglanyşykly täze derňewleri başlatmagy kabul etdi.

XS
SM
MD
LG