Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýa Palestinany ykrar etdi


Şwesiýa Palestinany resmi taýdan döwlet diýip ykrar etdi. Şeýlelikde, Şwesiýa bu çäräni amala aşyran Ýewropanyň ilkinji uly ýurdy boldy.

Şwesiýa şu aýyň başyndan bäri Palestinany döwlet diýip ykrar etjekdigi baradaky alamatlary köpçülige mälim edip başlanyndan bäri, Stokgolmyň bu barada 30-njy oktýabrda ýaýradan beýanaty o diýen geň galdyrmady.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Margot Walstrom: “Bu palestinalylaryň öz ykbalyny kesgitlemek baradaky hukugyny tassyklaýan möhüm ädimdir” diýip, öz ýurdunyň Palestinany resmi taýdan döwlet diýip ykrar edendigini belledi.

Şwesiýa bu baradaky niýetini köpçülige mälim eden mahaly Ysraýyl bu ädimi tankyt edipdi.

13-nji oktýabrda Britaniýanyň parlamenti hem Palestinany resmi taýdan döwlet diýip ykrar etmek üçin simwoliki, hökmany bolmadyk ses berişigi geçiripdi.

XS
SM
MD
LG