Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça edarasy (UNHCR) öňümizdäki 10 ýylyň içinde tutuş dünýäde raýatsyzlygyň soňuna ýetmäge hökümetleri ynandyrmak maksady bilen kampaniýa başladýandygyny habar berýär.
Düýbi Ženewada ýerleşýän guramanyň 4-nji noýabrda beren maglumatyna görä, “Men degişli” atly kampaniýa häzirki wagtda raýatlylygy ýa-da pasporty bolmadyk takmynan 10 million adamyň agyr ýagdaýyna ünsi çeker.
Şeýle-de, maglumatda raýatlylygy bolmadyk adamlaryň medisina hyzmatlaryny we bilim almaga mümkinçiliginiň hem-de ses bermek ýaly syýasy hukuklarynyň ýokdugy bellenilýär.
BMG-niň bosgunlar boýunça edarasynyň berýän maglumatyna görä, bu ýagdaýy raýatlylygy bolmadyk adamlary öz ýurdunda ýaşadýan hökümetleri olara öz ýurdunyň raýatlylygyny bermäge ynandyrmak arkaly düzedip bolar.