Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki sowet ýurtlarynda bagtlylyk derejesi pes


Täze derňewlere görä, öňki sowet we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň adamlary üçin “durmuşdan kanagatlanmak derejesi” 15-24 ýaş aralygynda iň ýokary derejesine çykýar we şondan soň ol dessine pese gaçýar.

“The Lancet” atly medisina žurnalynda çap bolan täze derňewler “durmuşdan kanagatlanmak derejesiniň” ýokary girdejili iňlis dilli ýurtlarda ýokarydygyny görkezýär. Şeýle ýurtlardaky adamlaryň 15-24 ýaş aralygyndaky “durmuşdan kanagatlanmak derejesine” 10 ballyk dereje boýunça 7,5 bal berildi. Maglumata görä, olaryň bagtlylyk derejesi 45-54 ýaş aralygynda pese gaçyp başlaýar.

Ýöne gürrüňi edilýän žurnalda çap bolan derňewleriň netijelerinde öňki sowet we Gündogar Ýewropa ýurtlaryndaky adamlaryň 15-24 ýaş aralygyndaky bagtlylyk derejesine 10 ballyk dereje boýunça 6,0 bal berlip, bu derejäniň şondan soň dessine pese gaçýandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG