Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk mugallymy türkmen türmesinden boşady


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistanda ýyl kesilen türk mugallymynyň türmeden boşadylmagyny gazandy.

Türkiýäniň hökümetiniň internet saýtynda aýdylmagyna görä, prezident Erdogan Türkiýä öz talaby esasynda türmeden boşadylan Hajy Hamit Hamdi Polat we onuň maşgalasy bilen bile dolandy.

Türk mugallymy maý aýynda, okuwçyny urmakda aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol bir günüň dowamynda Şagal posýologyndaky türmeden boşadylyp, türk prezidentiniň uçaryna mündürilipdir.

Habarda Erdoganyň uçaryň üstünde türmeden boşadylan mekdep mugallymy, onuň aýaly, dogany we iki çagasy bilen söhbetdeş bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG