Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Steinmeier: Russiýa ylalaşyga boýun bolmaly


Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier
Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier gündogar Ukrainada ýagdaýlaryň barha ýaramazlaşýandygyny belledi. Ol ähli taraplaryň, şol sanda Russiýanyň hem 5-nji sentýabrda Minskde gelnen parahatçylyk, şeýle-de ok atyşyklary bes etmek baradaky şertlere boýun bolmalydyklaryny aýtdy.

Steinmeier bu barada 10-njy noýabrda Gazagystanyň paýtagty Astanada çykyş etdi. Mundan bir gün oň Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Ukrainanyň orsýetparaz separatistleriň gözegçiligindäki sebitlerinde harby tehnikanyň we esgerleriň uly kerweniniň hereketi baradaky habarlara aladalanmalaryny bildirdiler.

Steinmeier: “Gynansak-da, ýagdaýlar ýene-de erbetleşdi. Meniň pikirimçe, biz ähli taraplary, şol sanda Russiýany hem Minsk protokolynyň şertlerini berjaý etmäge dolanmaga çagyrmaly” diýdi.

Günbatar rus prezidenti Wladimir Putine basyşy barha güýçlendirýär. Ol bolsa gündogar Ukrainadaky separatistlere harby ýardam bermeýändigini tekrarlamagyny dowam etdirýär. Bu konfliktde aprel aýyndan bäri 4 müňe golaý adam öldi.

Kerwen

8-nji noýabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçileri separatistleriň kontrollygyndaky Donetsk şäheriniň golaýynda hiç hili tapawutly nyşanlary bolmadyk esgerleriň kerweni barada maglumat berdiler.

Ukrain häkimiýetleri bularyň Russiýadan gelen goşunlaryň täze tapgyrydygyna hiç hili şek-şübhe ýokdugyny aýdýarlar. Kiýew Moskwany Ukrainanyň uruş gidýän ýerine orsýetparaz güýçleri goldap, 32 sany tank we köp sanly esgerleri iberenlikde aýyplaýar.

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşiniň metbugat wekili Bernadette Meehan Ak tamyň çaknyşyklaryň barha möwjemeginden we separatistleriň uly möçberdäki harby tehnikany we tanklary bir ýerden beýleki ýere göçürýändigi bilen bagly maglumatlar dogrusynda “çuňňur aladalanýandygyny” mälim etdi.

Ol: “Separatistleriň Ukrainanyň gündogar sebitinden ýene-de goşmaça ýerleri basyp almak synanyşyklary Minsk ylalaşyklarynyň gözçykgynç bozulmasy bolar” diýdi.

Şeýle-de Meehan Russiýa ýüzlenip, gozgalaňçylary ýaraglandyrmagy bes etmäge we Ukrainadan öz goşunlaryny çykarmaga çagyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini separatistleriň kerweni baradaky maglumatlaryň “juda alada goýujy özgermedigini” aýtdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 8-nji noýabrda çykyş edip, gündogar Ukrainadaky rus tanklary ýa-da esgerleri barada “özünde maglumat ýokdugyny” aýtdy.

Gozgalaňçylaryň kommandiri Eduard Basurin hem Russiýadan täze tapgyr goşunyň gelendigini inkär etdi.

XS
SM
MD
LG